Şygryýete şan beren

13 Mart 2021
978

Türkmeniň meşhur şahyry Gurbannazar Ezizow hakyndaky gürrüňler poeziýa hakdaky pikirlerdir. Häzir onuň bilen bagly wakany ýatlamak dilde aňsat. Ol mahallar ýygra oglanlardyk. Takdyryň özi bir sebäp bilen sataşdyraýmasa, gönüläp gaşyna barmaga gaýratymyz çatjakmy? Daşyndan, ondan-mundan ol hakda bilibilen zadymyzy bilerdik. Ýürek welin, şoňa tarap telwas urýar. Onuň bilen ýüzbe-ýüz duraýsam, hut poeziýanyň özi bilen duşançarak görýärdim. Metbugatda çykýan goşgularyny, kitaplaryny doga edinýärdim. Juwanlyk ýyllarym bir söý bilen örän dogry ýoly saýlan ekenim. Hawa, döredijilikde seniň nireden ilkinji itergi alandygyň örän wajyp.

Men häzir bu gürrüňi şu ýerde goýup, hakydamda surat bolup galan bir wakany ýatlaýyn. Bir gezek «Oba klubunda şahyrlar goşgy okajakmyş» diýen habar mekdebimize ýetdi. Üýşüp bardyk. Sahnada oturanlaryň arasynda Gurbannazar Ezizow hem bar eken. Ol çykyş etdi, özem «Gar» diýen goşgusyny okady.

Guldurdy SÄHETDURDYÝEW,
şahyr.
Beýleki habarlar