Durnukly ösüşiň möhüm şerti

11 Mart 2021
752

Giň göwrümli, aýdyň maksatly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Milli maksatnamalar innowasion ösüşi gazanyljak belent sepgitleriň esasy ugry bolup durýar. Ykdysadyýetimiziň uzak möhletli ösüşini üpjün etmek üçin saýlanan bu baş ýörelge öňdebaryjy ylmy taglymatlary we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady serişdeleriniň we tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama doly geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bäsdeşlige ukyply innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň pudaklaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýän netijeli ulgamlaryň biri hökmünde jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermäge ýardam berýär.

Annasona ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar