Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen halkynyň taryhyny, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen maddy-ruhy mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ylmyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biridir» diýýän sözleri ýurdumyzyň ähli pudakdaky işgärleriniň baş şygaryna öwrüldi.
Milli mirasymyzyň genji-hazynalaryny özünde saklaýan kitaba gadyr goýmak, oňa aýawly çemeleşmek her birimiziň borjumyzdyr. Çünki kitap uzak ýyllardan bäri adamyň ygtybarly dostudyr. Şonuň üçin kitap mukaddesdir. Kitap diňe bir ylmyň ýoly bolman, eýsem, dostluk-doganlygyň hem ýoludyr.