Täze goşgular

10 Mart 2021
831

Rubagylar
Iki pälwan orta göreşe çykdy,
Biri daýanykly, biri arrykdy.
Tutluşykda emel hem hile bilen
Çepiksi diýenmiz daýawy ýykdy.
* * *
Toýlaryň bezegi ozan, bagşydyr,
Döwräni bezeýän söhbet ýagşydyr.
Märekede dogry sözläp bilmeseň,
Sepiňi syzdyrman dyman ýagşydyr.
* * *
Bilbil deý ýakymly saýramaz serçe,
Gyjagyň owazyn bermez kemençe.
Seteran goýsalar on gyzy, läläm,
Barysy birigip bolmaýar sençe!
* * *
Günler günler bilen sapylýan eken,
Her günde özgeriş tapylýan eken.
Eger-de ykbalyň gaýtgyny bolsa,
Öz itiň özüňe topulýan eken.
* * *
Ekiniň hasylly bolmagyn isle,
Dokmaňyzlyk ynam, buýsançdyr nesle.
Ýeňleslik hiç haçan oňlanýan däldir,
Suwda gaýýan tohum gögermez asla.
* * *
Dert gelýändir hetden aşa doýmakdan,
Kanagatyň gidip, geçeňde çakdan.
Tagamlaryň hersi melhemdir, derman,
Erkli bolsaň şypa geler iýmekden.
* * *
Täsin ýeri, oňuşmansoň bu serde,
Iki gulak ýerlemändir bir ýerde.
Burun iki göze kazy bolupdyr,
Goýmasyn diýp biri-birini derde.
* * *
 Beýge çyksaň, seretmegin yzyňa,
Ynam bilen berk ýapyş-da dyzyňa.
Öňdenem, yzdanam bolma tamakin,
Maksadyňy hemra edip özüňe.
* * *
 Suwa girme erkin ýüzüp bilmeseň,
Dutary gynama çalybilmeseň.
Terbiýäň ýerlemez nesilleriňde,
Özüň ata pendin tutup bilmeseň.

Bazar Şalyýew.
Hojambaz etraby.

Beýleki habarlar