Enelere belent hormatyň nyşany

8 Mart 2021
838

Bagtyýarlyk döwrümizde zenanlara goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz olary, ilkinji nobatda bolsa mukaddes Käbä deňelýän eneleri sarpalamagyň belent nusgasyny görkezip, ak ýürekden çykýan alkyşlara mynasyp bolýar. Sekiz we şondan köp çagany kemala getiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy olara goýulýan belent sarpanyň ajaýyp mysalydyr. Arkadag Prezidentimiziň Permany bilen bagtyýar eneleriň uly toparyna şu ýyl hem bu hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda lebaply zenanlaryň hem 26-sy bar.

Welaýat häkimliginde bagtyýar enelere hormatly adyň nyşany we milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara hormatly adyň eýelerinden başga-da welaýatymyzyň işjeň zenanlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Bu ýerde edilen çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, türkmen eneleri dünýäde iň bagtly zenanlardyr. Perzendi ösdürip, kemala getirmekde döwletimiz tarapyndan ähli goldawlary alýan enelerimiz döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş aýdýarlar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar