Şol ýylyň bahary (Hekaýa)

4 Mart 2021
981

Biz adatça ömrümiziň bezegine öwrülip giden wakalary hälimi-şindi ýatlap ýörýäris. Şol pursatyň süýjülikleri bilen ýaşaýarys. Özümde-de şeýle. Çagalyk, mekdep ýyllarym bilen baglanyşykly ýatlamalar ýyllaryň täsiri bilenem öz datlylygyny ýitirenok. Näme üçindir, meniň kalbymda has ýiti täsirini galdyran ýatlamalaryň köpüsi bahar pasly bilen baglanyşykly. Hersinde özüm üçin bir mähriban ynsan ýaşaýan, ýyllaryň aňyrsynda galsa-da, ýaz paslyndan alan görkanalygyny ýitirmän gelýän pursatlary ýatlap ýörşüme, talyplyk dünýäsinde dowam edýän durmuşymyň özi bahara meňzäp gidipdir.

Köplenç bahar paslyny eneler, gelin-gyzlar bilen baglanyşdyrýarlar. Şonuň üçinem bu pasyldaky ýatlamalaryň içini hem şol mähriban zenanlaryň keşbi bilen bezeýärler. Men welin bahar pasly, esasanam, bahar baýramy barada gürrüň orta çykanda, ilki bilen, gözümiň öňüne... Gowusy, ähli zady başdan gürrüň bereýin.

Altyn MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar