Jenneti mekan — gözel Aşgabat

25 Fewral 2021
760

Hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, parasatly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ählumumy ösüşlere giň gerim berýän ýurdumyzyň paýtagty gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülýär.

Ösüşiň halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilýän parahatçylyk ýoluny saýlap alan türkmen halky milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Eziz Diýarymyzy ösüşleriň mekany hökmünde Ýer ýüzüne tanadan hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan kemal tapan belent ösüşler biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr. Hut şundan hem görşümiz ýaly, adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugry bolup durýar. Eziz Diýarymyzda her bir iş diňe adam üçin, adamyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermek, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmegi gazanmak üçin durmuşa geçirilýär.

Gülnar NURGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar