Belent üstünlikleriň beýany

25 Fewral 2021
779

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmeginde giň mümkinçilikleri döretdi. Dünýä ýurtlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýän häzirki şertlerinde ulag pudagyna uly ähmiýet berilmegi onuň ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri bilen baglanyşyklydyr. Döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary depginde ösmegi önümi ýerlemek üçin täze bazarlary döredýär. Netijede, ozalky ýola goýlan gatnaw ugurlary bilen bir hatarda geljegi uly bolan täze ulag geçelgeleri hem kemala gelýär.

Ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, haýsy-da bolsa bir ýurtda ulag gatnawlarynyň ösüşiniň ýokary derejede bolmagy ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine, halk hojalyk ýükleriniň daşalyşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär, pudaklaryň girdejililigi ýokarlanýar.

Amangeldi AKGAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dosenti.
Beýleki habarlar