Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

24 Fewral 2021
945

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz halkymyzyň milli aňynyň özenidir. Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjiligi, abadan ili, asudalygy goramak biziň gadymdan bäri dowam edip gelýän ýörelgelerimiziň naýbaşylary bolup, türkmeniň milli aňynyň özboluşlylygyna öwrüldi. Milletimiziň pikirleniş, akyl ýetiriş aýratynlyklary, onuň milli däp-dessurlarynda, urp-adatlarynda, şan-şöhrata ýugrulan taryhy ýolunda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Milli aňymyzda Bitaraplyk taglymatynyň şöhlelenişine halk döredijilik eserlerimizi, nusgawy şahslarymyzyň edebi mirasyny doly we içgin öwrenenimizde hem doly we aýdyň düşünýäris. Çünki milletimiziň kemala gelmegine uly täsir eden milli ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk ýaly pelsepewi garaýyşlarymyz däp-dessurlarymyza siňip, milletimiziň edim-gylymyna ornap, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyzda, nusgawy şahyrlarymyzyň pelsepewi eserlerinde jemlenendir. Bitaraplyk ýörelgesiniň türkmeniň milli ýörelgeleriniň naýbaşylarynyň biridigi barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir. Bu ajaýyp ýörelge täzeden dikeldilip, sekiz asyryň döwletsizliginden soň berkarar edilen türkmen döwletine esas edilip alyndy».

Türkmen hemişe goňşulary bilen duz-çörekli gatnaşypdyr, hoşmeýillilik onuň aňyna, däbine, dessuryna siňipdir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Garaşsyz döwletimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgeleri we alyp barýan Bitaraplyk syýasaty köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ruhy-ahlak aýratynlyklarymyzdan alýar diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Türkmeniň aňyna, paýhasyna mahsus bolan, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz bu gün dillerimiziň senasydyr. Çünki türkmen döwletiniň ýöredýän baky Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýan taglymata öwrüldi. Dünýä aýdym-saz bolup, dana söz bolup çykýan türkmen paýhasy, türkmen taglymaty bu gün dünýä halklaryny jebislige, asudalyga, parahatçylyga, ynanyşmaga, doganlyga, dostluga çagyrýar.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar