Derwaýys ulgamda döwrebap maksatlar

24 Fewral 2021
1138

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitler gazanylýar. Sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hödürlenilmegine, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleriň sanynyň köpeldilmegine, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda ýörite maksatnamalardyr konsepsiýalar kabul edilýär hem-de degişli ulgamyň kanunçylyk we maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär.

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek möhüm meseleleriň hatarynda durýar.

«Watan».
Beýleki habarlar