Bagtyýarlygyň mekany eziz Diýar Türkmenistan

22 Fewral 2021
1437

Jandan eziz söýen ýurdum, hak hikmetli jennet mekan,
Jigerimsiň, janymsyň sen hem ömrümde zowky-sapam,
Gujagyma gyssam seni, gujagymdan has ullakan,
Şöhratyňa şanlar ýetmez, sen bir ajap saz hem mukam,
Bagtyýarlygyň mekany eziz Diýar Türkmenistan.

Degresinde goja dagy, ýaýlasynda güller biten,
Çöl ýerinde çöli bardyr, hatar-hatar kerwen öten,
Hazar deňzi Awazaly, abraýy arşa ýeten,
Dabarasy daglar aşan sowulmajak toýlar tutan,
Bagtyýarlygyň mekany eziz Diýar Türkmenistan.

Durdy BAÝRAMOW.
Beýleki habarlar