Parahatçylyk, hoşniýetlilik we dostluk milli diplomatiýamyzyň baş ýörelgeleri

19 Fewral 2021
1361

Mälim bolşy ýaly, 18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda geçirilen bu ylmy maslahatyň çäklerinde guralan sergi hem örän täsirli boldy.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen ylmy maslahata Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ata Watanymyzyň özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, halkara giňişliginde amala aşyrýan daşary syýasatynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny ösdürmeklige uly goşant goşýandygy aýratyn nygtalýar.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar