Bir gezek Ibn Sinany hökümdaryň ýanyna çagyrypdyrlar. Hökümdaryň ogly uzak wagtlap kesel ýatan eken. Köşk lukmanlary hassa hiç bir däri-dermany tapyp bilmändir. Bu çakylygy kabul eden Ibn Sinanyň hassanyň keselini bejerişi üýtgeşik bolupdyr.
Alym hökümdaryň ogluny seýilgählere aýlaýar, baglaryň kölegesinde oturyp gürrüňleşýär. Oňa diňe umumy berkidiji däri-dermanlar içirýär. Oglan bilen köp gezelenç edýär, ertir ir bilen köşge gelip, hökümdaryň ogluna bedenterbiýe maşklaryny etdirýär. Ibn Sina hyzmatkärlere howzuň düýbündäki hapa-hupalary aýyrdýar. Bagyň ortasynda ýerleşen howdan uzak ýyllaryň dowamynda suwdan doldurylman eken. Şeýdip Abu Aly oglanjyga suwda ýüzmegi öwredýär. Birnäçe aý geçenden soň, oglanjyk bütinleý sagalypdyr.