Ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda

17 Fewral 2021
1270

Şu ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda şeýle merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Merkezde hormatly Belent Serkerdebaşymyza uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi, olar barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutanymyz merkezde görkezilen enjamlar bilen tanyşlygynyň dowamynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, çyzgylary bilen içgin gyzyklandy. Şeýle-de bu ýerde mähriban Arkadagymyza ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynda ulanylýan enjamlar, uçarmansyz uçarlaryň Watanymyzyň mukaddes çäklerinde wideogözegçiligi amala aşyrmakda ähmiýeti hem-de enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Serhet gullugynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi.

«Esger».
Beýleki habarlar