Abadan ýaşaýşyň binýady

17 Fewral 2021
1399

Hormatly Prezidentimiziň: «Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmeli» diýen sözlerinden ugur alyp, ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň ýardamy bilen maýor Amanmyrat Momalakowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Ruhubelentlik — sagdynlygyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zyýansyzlandyryş işleriniň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlyşy, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, witaminlere baý bolan önümler bilen iýmitlenmek, iki metr howpsuz araçägi saklamak we agyz-burun örtüklerini dakynmak barada çykyş edenler täsirli maslahatlary berdiler.

Rahmet ALLAKULYÝEW,
kapitan.

Beýleki habarlar