Türkmeniň ynanyşmak ýörelgesi

17 Fewral 2021
1230

Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkidýän eziz Watanymyz Türkmenistan halkara syýasy ynamyny gazanmakda uly üstünlige eýe boldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl syýasaty esasynda Türkmenistan bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasynda durnukly, ynanyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, goňşy döwletler bilen açyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi dünýä ýurtlarynyň biziň ýurdumyza bolan oňyn garaýyşlaryny kemala getirdi.

Taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň parahatçylygy wagyz ediji ýörelgesine daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we özara ynanyşmak ýörelgesiniň has-da dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.
Beýleki habarlar