Bir döwüm çörek (Hekaýa)

12 Fewral 2021
1468

Siz çöregiň gudratdygy, keramatdygy hakyndaky gürrüňlere öň hem ynanýansyňyz, ýöne meniň gürrüň berjek bu wakamdan soň ol ynanja bolan garaýşyňyz has hem artar. O nähili waka diýýärsiňizmi? Ol waka baryp-ha mundan ýigrimi bäş ýyl ozal bolupdy.

...Şol gün şenbe günüdi, howanyň biraz sowujagy bardy, demirgazykdan öwüsýän şemal ýüzüňi ýalap-ýalap geçýärdi. Mergen ol wagtlar ýokary okuw mekdebiniň dördünji ýylynda okaýardy. Okuwlar bilen gowy öwrenişipdi. Şol günem okuw sapaklary tamamlanyp daş çykanlaryndan soň, orta atylan pikirler garyn doýurmak barada boldy. Bu bolsa olaryň ajygandyklaryny aňladýardy. Mergeniň: «Wah, şu mahal bir döwüm gyzgynjak tamdyr çöregi bolsa, men-ä başga zat iýmezdim» diýeni hem şoldy welin, dosty Arslan:

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA.
Beýleki habarlar