«Nowbaharym diýýändirin adyňa...»

11 Fewral 2021
856

(Hekaýa)

Ol ýene-de milli muzeýiň bosagasyndan ätledi. Muzeý işgärleri häli-şindi görüp duransoňlar, onuň bilen halys öwrenişipdirlerem, bu ýerde täze sergi guralsa ýa-da eksponatlar täzelense, haýal etmän habar ýetirýärler. Habar düşeninden muzeýiň bosagasyndan ätleýän ilki şol. Aýtmasalar, muzeýde täzelik ýokdur, öňki-öňkülikdir. Ol şonda-da ýüregi gyssa, şu ýere gelýär. Ondan «Daýy, näme gözleýäňiz?» diýip, indi kän bir soraýan hem ýok. Ilki soran halatlary hemişe degşip: «Ata-babalardan miras galan gymmatlyklarymyzy synlap, görejimi çarhlaýaryn» diýen jogaby eşidensoňlar, şol bir sowaly berip, känbir biynjalyk edibem duranoklar. Özi hem käteler birbada näme üçin gelendigini-de aňşyryp baranok. Birdenem... käbir eksponaty synlap, ýatlamalara ulaşyp gidýär. Ýatlamalardan aýňalýar-da, ýene-de bir ýerlere barmalydygy ýadyna düşüp, sagbollaşyp, muzeýden çykýar gaýdyberýär. Gör, indi näçe gezekler şeýle bolýar. Wagtyny bihuda geçirýär diýer ýaly hem däl. Ol her gezek özi üçin bir açyş edýär, iň bolmanynda, özüniň ýakynlarynyň ömri bilen baglanyşykly ýatlamalaryň uşlybyny çözleýär. Ýatlamalar bolsa şol uzalyp gidip otyr, uzalyp gidip otyr. Mähribanlary bilen hyýalynda söhbetdeş bolýar, düşünmedik zatlaryny soraýar.

Narmuhammet KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, ýazyjy.
Beýleki habarlar