Parahatçylygyň gözbaşy birek-birege bolan ynamdadyr

7 Fewral 2021
1391

Ynamyň bar ýerinde dostlugyň, agzybirligiň, parahatçylygyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Bize çagalykdan edep-terbiýe berleninde-de: «Bir işe başlamakçy bolsaň, hökman özüňe ynamyň bolsun, diňe şonda sen şol işi soňuna çenli ýokary derejede ýerine ýetirmegi başararsyň» diýip, öwüt-ündew ederdiler. Hawa, her bir işde ilki bilen özüňe ynamyň bolmaly, ondan soňra ýakynlaryňa, dost-ýarlaryňa, daş-töweregiňi gurşap alýan tebigata ynanmaly. Birek-birege bolan ynam hem iki taraply bolmalydyr. Ynamyň we ynanjyň bar ýerinde üstünlikleriň açary eliňde bolýar.

Mälim bolşy ýaly, bütin Ýer ýüzüniň halklary üstünliklere, özgerişlere bolan umyt hem-de ynam bilen 2021-nji ýyla gadam basdy. Şonuň bilen bilelikde Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz hem täze ýyly şanly wakalar hem-de ösüşler bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen çuňňur manyny aňladýan şygar berildi. Hakykatdan hem, bu şygarda uly many-mazmun bar. Çünki birek-birege bolan ynanyşmagyň bar ýerinde parahatçylyk höküm sürýär. Parahatçylyk barada Gahryman

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar