Röwşen geljegiň şuglasy

5 Fewral 2021
1421

Taryh üçin gysga döwürde dünýäde özüniň mynasyp ornuny pugtalandyran ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň beýgelýändigini subut edýän şanly wakalar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň üstümizdäki ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi mähriban Diýarymyzyň dünýädäki belent abraýynyň hem-de öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlarynyň dünýä ykrarnamasyna eýe bolandygyny görkezýär. 

«Parahatçylyk» we «ynanyşmak» diýen düşünjeler biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ynanyşmak, düşünişmek, birek-birege hormat goýmak  arkaly parahatçylygy gazanmak mümkindir. Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr” diýen sözleri hem munuň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bitaraplyk syýasatymyz hem şol gymmatly ýörelgelerden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň özenini düzýär. Ata Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan işleri dünýä döwletleriniň we halklarynyň abadançylygyna hem ösüşine gönükdirilýär. Şonuň netijesinde bolsa, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi berkeýär.

Şasenem DORAKOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar