Yllham ýaýlasy

3 Fewral 2021
1163

Garly goşgy
Goşgy ýazdy ýigit ojak başynda
Gyş güni günuzyn öýde oturyp.
Ak gar ýaly ak alkymly ak gyzy
Garpamyk deý göz öňüne getirip.

Gyzyň kamatyna gyş bilen gardan
Meňzetme gözledi agyrdyp başyn.
Ýaňaklarny nar deý gyzartjak bolup
Sowurdy ýüzüne şemalyn gyşyň.

Babanyýaz BÖRIÝEW,
Döwletli etraby.
Beýleki habarlar