Türkmen sözüniň dürleri

2 Fewral 2021
1016

Ýeriň ýüzünde wagtyň, agyr-agyr heňňamlaryň, gerdişleriň şatysyna döz gelip bilýän söz ýaly başga bir gudrat barmyka?! Gök ummanlar bugaryp-bugaryp galýar, sary sähralara öwrülýär. Hanasyna sygman çyrpynýan tereň derýalar «wagty ýetse, gurap, ýer dek bolýar». Älemiň ýalaňaç ýüregine meňzäp duran belent-belent daglar gara ýeriň ýüregine bata-bata, ýer bilen deňleşýär galyberýär. Iň uzak ýaşaýan çynar müň ýyl ýaşaýar. Söz weli galýar, ol — bakylygyň hemrasy.

Asyrlaryň jümmüşinden goja Gerodotyň pähimli pyşyrdysy eşidilýär. Gomeriň ähli dillerde ýaňlanýan setirleri ony şu günlerem aramyzda ýaşadyp ýör. Ýusup janyň: «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol» diýen sözi asyrlarboýy nesilleri watançylygyň iň bir nurana nusgasynda terbiýeläp geldi. Balasagunlynyň «Bagtly edýän ylmy» sözüň ýaşamaga ukyplydygynyň göreldesidir. Gündogar sözüniň öçmejek Günleri, Aýlary, Ýyldyzlary — Nyzamy, Firdöwsi, Jamy, Nowaýy, Hafyz, Hakany, Nesimi, Magtymguly ýaly genileriň pähim nury ynsan köňülleriniň üstünden şöhle saçýar, dünýäniň garaňkylyklaryny röwşen edýär. Adamlara dünýäniň ýollary bilen azaşman gitmäge ýardam edýär.

Gurbandurdy ORAZOW.
Beýleki habarlar