Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

9 Sentýabr 2024
22

6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar