Milli Liderimiz Tährana geldi

28 Awgust 2024
110

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna geldi.

Gahryman Arkadagymyzyň sapary mynasybetli Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Eýranyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Eýran Yslam Respublikasynyň resmi wekilleri hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.  Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlar zalynda Milli Liderimiz bilen Eýranyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

«Türkmenistan»
Tähran ş.
Beýleki habarlar