Şahyryň dilinde — Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

19 Awgust 2024
123

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň ähli arzuw-maksatlarymyzyň hasyl bolmagynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durandygyny nygtamak bilen, ýene şeýle ýazýar: «Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip şygra salan we: «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, //Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk»...

Milli Liderimiziň şu we beýleki eserlerinde, şol sanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynda parasatly söze, milletiň erkinliginiň, garaşsyzlygynyň, berkarar döwletliliginiň, ynam-ygtykatynyň gymmatyna, adamzat ýaşaýşynyň manysyna düşünmegiň altyn açary bar. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyryň eserlerine halkymyzyň erkinlik, berkarar döwlet baradaky baş arzuw-umydynyň, dünýäniň islendik halky üçin gymmatly röwşen sözleriň siňendigini nygtaýar. Magtymguly öz halkynyň, şeýle-de tutuş adamzat nesliniň parahat, dostlukly, halal, bagtly durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly iň kämil pikirleri aýdyp gidipdir. Ol pikirler mydama ähmiýetli bolup gelipdir we dünýäniň şu güni, geljegi üçin hem ähmiýetlidir.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar