Milli hukuk ulgamymyzyň berk binýady

15 Awgust 2024
49

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda milli döwletlilik, halk häkimiýetini berkarar etmek baradaky gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerden, halkymyzyň baý durmuş tejribesinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we berkitmek ugrunda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek arkaly ösüşlerimiziň has-da rowaçlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna alyp barýar.

Täze taryhy eýýamda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek elbetde jemgyýetçilik edaralarynyň işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemeginde örän ähmiýetlidir.

Röwşen HUDAÝKULOW,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap, şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar