«Re­al Mad­ri­diň» 6-njy Su­per Ku­bo­gy

16 Awgust 2024
104

«Re­al Mad­rid» to­pa­ry UEFA Su­per Ku­bo­gy­ny 6-njy ge­zek ga­zan­dy. War­şa­wa­da oý­na­lan du­şu­şyk­da Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň soň­ky çem­pio­ny Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň hä­zir­ki eýe­si, Ita­li­ýa­nyň «Ata­lan­ta» to­pa­ry­ny 2–0 hasabynda ýeň­di. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da iki to­pa­ry­ňam der­we­ze­çi­le­ri howp­ly pur­sat­lar­da to­par­la­ry­ny gol­dan ha­las et­di. Ne­ti­je­de, 1-nji ýa­rym gol­suz ta­mam­lan­dy. Oý­nuň 59-njy mi­nu­tyn­da Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň aja­ýyp pa­syn­da Fe­de­ri­ko Wal­wer­dä to­py boş der­we­zä gö­nük­di­räý­mek gal­dy. Bu gol­dan 9 mi­nut soň, has ta­ky­gy, 68-nji mi­nut­da bu ge­zek Jud Bel­lin­ga­myň pa­syn­da to­py bat­ly uran tä­ze trans­fer Ki­li­an Mbap­pe ta­pa­wut­la­nyp, ha­sa­by 2-0-a ýe­tir­di. Ga­lan mi­nut­lar­da-da ha­sap üýt­ge­me­di we «Re­al Mad­rid» to­pa­ry 2024-nji ýyl­da­ky 4-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Bu ola­ryň 6-njy Su­per Ku­bo­gy bo­lup, mad­rid­li­ler bu ku­bo­gy iň köp eýe­län to­par bol­dy. «Re­al Mad­rid» bu ugur­da «Mi­lan» hem-de «Bar­se­lo­na­dan» öňe saý­lan­dy. Is­pan to­pa­ry 49-njy ge­zek gow­şu­ry­lan UEFA Su­per Ku­bo­gy­ny mun­dan öň 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyl­lar­da ga­za­nyp­dy. «Re­al Mad­rid» to­pa­ry Su­per Ku­bok du­şu­şy­gyn­da 1998-nji ýyl­da «Çel­si­den», 2000-nji ýyl­da «Ga­lat­asa­raý­dan» hem-de 2018-nji ýyl­da «At­le­ti­ko Mad­rid­den» as­gyn ge­lip­di.

To­pa­ryň tä­lim­çi­si Kar­lo An­çe­lot­ti 5-nji ge­zek UEFA Su­per Ku­bo­gy­ny ga­za­nyp (2003-nji we 2007-nji ýyl­lar­da «Mi­lan­da», 2014-nji, 2022-nji, 2024-nji ýyl­lar­da «Re­al­da»), Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­dan soň bu ku­bo­gy hem 5-nji sa­par eýe­län il­kin­ji tä­lim­çi bol­dy. Ol 30-njy kubogyny gazandy.

Beýleki habarlar