Edermenligiň hem gaýduwsyzlygyň beýany

15 Awgust 2024
117

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi. Munuň özi Milli Liderimiziň hemişe sportuň işjeň wagyzçysydygyny aýtmaga esas berýän ajaýyp mümkinçilikdir.

Bilermenler tarapyndan awtosport sportuň beýleki görnüşlerine garanyňda, fiziki we psihiki taýýarlygyň iň ýokary derejesini talap edýär diýlip hasaplanylýar. Onda aşa hüşgärlik, çalasynlyk, töwekgellik, batyrlyk, mertlik, çydamlylyk, sowukganlylyk ýaly iň gymmatly gylyk-häsiýetler, endik-başarnyklar möhüm. Şonuň üçin hem awtosport — edermenligiň hem gaýduwsyzlygyň sporty, edermenleriň hem gaýduwsyzlaryň baş goşýan sungaty hasaplanylýar. Awtosport ýöne bir sport görnüşi bolman, hakyky durmuş, çynlakaýlyk. Hakykatdan hem dünýä derejesinde guralýan ralli, trofi, kross, drift, karting  ýaly ýaryşlarda türgenleriň başdan geçirýän wakalary oýun däl, olar ynsan başarnygynyň hem erjelliginiň dabaralanmasy. Aşa töwekgelçilikli hereketler bilen awtotürgenler öz edermenliklerini, mertliklerini görkezýärler. Ine, Gahryman Arkadagymyz hem gaýduwsyz, batyr ýürekli, paýhasly, sowukganly Watan ogullaryny terbiýeläp ýetişdirmekde sportuň bu görnüşiniň ähmiýetinden peýdalanmagy wagyz edýär, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmagyň hem nusgalyk göreldesini görkezýär. Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy Rüstem Begenjow bilen söhbetdeş bolanda, awtomobil sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugra bolan höwesi bilen aýratyn gyzyklanmagy hut şu maksatlardan gözbaş alýar.

«Adalat».
Beýleki habarlar