Ene söýgüsi

14 Awgust 2024
127

(Oýlanma)

«Ene...». Bu söz her gezek aýdylanda mähremligi, şirinligi bilen ýakymly, mylaýym owaz bolup eşidilýär. Bu sözde baharyň hoştaplygy, güýzüň agraslygy bar. Bu sözde kalbyňy gobsundyrýan gudrat, özüne maýyl edýän, imrindirýän şirin duýgy bar. «Ene» sözüniň manysyny kän zatlar bilen baglanyşdyrmak mümkin. Bu sözüň mazmuny dünýä ýaly giň, ömür ýaly ýakymly, ynam ýaly mukaddes, mähir ýaly kireňsiz. Ene mähribanlygy hem hiç gowzamaýan çeşme ýaly, kalplarymyzyň mähre teşneligini gandyrýar. Halk hakydasyna ornan rowaýatlaryň birinde ene mähri, perzendiň borçlary hakynda şeýle gürrüň bar.

Baýrammuhammet ILMUHAMMEDOW.
Akdepe etraby.
Beýleki habarlar