Ykbal öwrümleri (hekaýa)

12 Awgust 2024
163

ýle wagty eşiden habaryndan soň gojanyň oturyp-turup karary bolmady. Göwnüne bolmasa, ýer goduklap hopup barýan ýalydy. Daş-töwerekde iňlär siňek ýokdy. Ýetmiş ýaşy arka atan Jumadurdy aga özüni dünýäde ýalňyz galan ýaly duýdy. Hemişe agtygy Borjak gelip, atasyny ýekelikden halas edýärdi. Olam okuwyň daşyndan göreşe gatnap başlaly bäri, kakasy-ejesi bilen deňräk gelýärdi. Ýogsam ol atasynyň ol-bu işlerine-de ýaraýardy. Biraz tapdan düşen Jumadurdy aga suwsasa-da, ýerinden turmaga ysgyn-mydary bolman ýatyrdy. Ýöne eslije wagt geçip, halys çydam käsesi dolandan soň, ýatan ýerinden kynlyk bilen turup, bir käse suw alyp içdi. Şondan soň welin, birneme nepesi durlandy.

Ol özüne: «Jumadurdy, köşeş! Allatagala gerek bolsaň, salymyňy bermez. Sen entek bu jahanda-da gereksiň» diýdi-de, rahatlanyp, gazyň nurbatyny towlap ýakdy-da, çaý goýundy. Soňra çaý demläp, birsalym üstüni basyryp goýdy.

Abdylla YSLAMOW
Beýleki habarlar