Azadynyň däpleri we Magtymguly

7 Awgust 2024
113

Ösüşlere beslenýän häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda edilen-edilmeli işleriň çygry has-da giňedi. Şeýle ylmy seljermeleriň hatarynda Magtymgulynyň ilkinji halypasy bolan pederi Döwletmämmet Azadydan tälim alşy, onuň edebi däplerini ösdürişi hakdaky pikirler hem wajyp bolup durýar. Magtymguly özüni terbiýeläp ýetişdiren pederine uly hormat goýupdyr. Pederiniň döredijiligindäki, aýratyn-da, «Wagzy-Azat» eserindäki ýöredýän progressiw, çuň many-mazmuna ýugrulan pikirlerini özüniň ölmez-ýitmez döredijiliginde dowam etdiripdir hem-de ösdüripdir.

Azadynyň ojagynda ylmyň dürli ugurlaryndan söhbet açýan baý kitaphanasynyň bolmagy, ylym öwrenmek babatdaky pentleri Pyragynyň durmuş çelgisi bolupdyr. Magtymguluşynas alym Muhammetnazar Annamuhammedow «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» atly ylmy işinde Magtymguly pederi Azada beýik şahsyýet hökmünde garap, onuň adyny ussat, molla, kämil, sähraýy, zahyd diýip tutýar» diýip belleýär. Magtymguly Pyragy pederiniň akyl-paýhasa ýugrulan edebi däplerini ösdüripdir. Onda gozgalýan, öňe sürülýän pikirlerini öz döredijiliginde işläp, ony aýratyn galyba salypdyr.

Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar