Bolan waka

7 Awgust 2024
128

KÖRPEJE

Tomsuna oba agşamlarynyň hoştap howasy, tes-tegelek dolan Aýy, täsin ýyldyzly, dup-dury asmany, diýseň, owadan. Şeýle gijeler şemalgär ýerdäki seleň sekide babamyň Akmaýanyň ýoly, toplumyndaky ýyldyzlar baradaky gürrüňlerini diňläp, uka gitmek biz üçin hezilligiň aňrybaşydy. Salkyn agşamlaryň birindäki söhbedimizi ilki mähnet kellesini çilşirlen öň aýaklarynyň üstünde goýup ýatan itimiz — Çaňňal çalarak hyňranyp, soňam öýümiziň tarhany pişigimiz tüýlerini hüžžerdip, takyrlyga bakyp “tyssyldap” pişik haýbatyny edip bozdular. Birdenem jigim Mähribankäbe ilki Aý aýdyňlykda takyrlyga tarap seredip: “Waý, ojagaz enaýyja zady” diýip, soňam telefonyň çyrasyny tutdy welin, gulajygyny harraldyp, garaja gözjagazlaryny ýyldyradyp, uzynja tumşugynyň ujundaky gülkünç burunjygy bilen pyşgyran bolup bir kirpijik dur. Ol entek tikenlerem gatap ýetişmedik, hatda ýumak bolmagam bilmeýän çaga kirpijik eken.

Beýleki habarlar