Gadymy mirasyň ylmy beýany

5 Awgust 2024
237

Akbibi Gurbannazarowanyň «Türkmenistanda mal tagmalary we maldarçylyk esbaplary» atly ylmy kitaby halkymyzyň maddy medeniýetini ykmy taýdan öwrenmekde uly göwrümli işleriň ilkinjileriniň biridir. Awtoryň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-gözlegleriniň netijesi bolan bu kitap «Mal tagmalarynyň meselesi ýazuw çeşmelerinde», «Mal tagmalarynyň gelip çykyş taryhy», «Günbatar Türkmenistanda mal tagmalary», «Günbatar Türkmenistanyň maldarçylyk esbaplary» ýaly bölümleri özünde jemleýär.

A.Gurbannazarowa  ylmy işinde arheologiýa we etnografiýa maglumatlaryna ýüzlenmek bilen, ozal ylmy taýdan az öwrenilen bu temany täze seljermeler we synlar, garaýyşlar bilen baýlaşdyrýar. Mal tagmalarynyň hem-de maldarçylyk esbaplarynyň döreýiş taryhy, olaryň ýasalyşy hem-de ulanylyşy barada alymlar tarapyndan dürli ýyllarda ýazylan edebiýatlardan, ylmy işlerden peýdalanýar hem-de maldarçylygy kesbi-kärine öwren adamlaryň, mirasgärleriň gürrüňlerini giňden ulanýar.  A.Gurbannazarowa  tagmalaryň oguz elipbiýidigini-de belleýär.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar