Beýik ösüşleriň döwri

2 Awgust 2024
233

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyz beýik ösüşler gazanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda täze wezipeler, belent maksatlar goýulýar. Baş baýramymyzyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem geçen döwürde gazanylan üstünliklere baha bermek we röwşen geljege uzaýan ýolumyzdaky täze maksatlarymyzy kesgitlemekde uly ähmiýetli waka bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu üstünlikler amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA,
TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar