Mekdep bazarlary işläp başlady

1 Awgust 2024
159

Şu gün ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da mekdep bazarlary işläp başlady. Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginde habar berişlerine görä, welaýatymyzyň oba-şäherlerinde göçme söwda nokatlarynyň 51-si hereket edýär. Şeýle-de birleşige degişli söwda dükanlarynyň 570-sinde hem mekdep burçlary döredildi. Mekdep bazarlarynda kanselýariýa harytlarynyň, okuw esbaplarynyň, okuwçy lybaslarynyň giň söwdasy guralýar. Aýratyn bellenilmeli zat bolsa mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilenligidir.

Welaýatymyzda açylan mekdep bazarlary awgust aýynyň 1-inden sentýabr aýynyň 5-ine çenli ir säherden tä giç öýläne çenli işlär. Göçme söwda nokatlarynyň işlemegi satyjylar üçin hem, alyjylar üçin hem amatlydyr.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar