Agzybirligiň, berkararlygyň nyşany

31 Iýul 2024
184

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalary, ösüşleridir özgertmeleri bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplarda ýazylýar. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şol şanly wakalaryň hatarynda mynasyp orun alar we milli demokratiýamyzyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüler. Ýurdumyzyň täze taryhyndaky möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakada kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdiriljekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine düýpli taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda bu uly syýasy-jemgyýetçilik çärä taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işler ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerimde ýaýbaňlanýar.

Gülşat ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar