«Inter » 2 ýyldyz oýunçyny tölegsiz

19 Iýul 2024
169

Italiýanyň çempiony «Inter » topary düzümine 2 sany ýyldyz oýunçyny tölegsiz goşdy. Milan şäheriniň wekili ilki «Napoli » bilen şertnamasy tamamlanan polşaly Piotr Zielinskini transfer etdi. 30 ýaşyndaky futbolçy öňümizdäki 4 ýylyny «Inter » toparynda geçirer. Ol «Interiň » taryhyndaky ilkinji polýak futbolçydyr. 2012-nji ýylda «Udinezede » futbola başlan Zielinski 2 möwsüm «Empolide » oýnady. 2016-njy ýyldan bäri «Napolide » çykyş edip gelýän Zielinski neapollylaryň düzüminde 8 möwsümde 364 oýunda 51 gol geçirdi. Şeýle- de, «Inter » topary eýranly hüjümçi Mehdi Taremini hem tölegsiz transfer etdi. «Porto » topary bilen şertnamasy tamamlanan 31 ýaşyndaky Taremi öňümizdäki 4 ýyl «Interde » oýnar. Taremi «Porto » klubunda 4 möwsümde 182 oýunda 91 gol geçirdi. Taremi ýurdunyň «Şahin », «Iranjawan », «Persopolis », Kataryň «Al-Garafa » hem-de Portugaliýanyň «Rio Awe» klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ol Eýranyň ýygyndysynda 85 duşuşykda 50 goly derwezä girizdi.

Beýleki habarlar