Miwesi datly baglar

16 Iýul 2024
197

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlary Dädebaý Öwezgeldiýewiň, Hudaýberdi Narlyýewiň baglaryny synlan adamlar: «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar-ow!» diýýärler. Beýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen ideg edilip ýetişdirilen baglar görenleriň gözüni dokundyrýar.

Dädebaý Öwezgeldiýewiň 12 gektar bag ýeri bar. Ol indi ençeme ýyllardan bäri özüniň kärendesine alan ýerinde her ýyl erigiň, almanyň, armydyň, garalynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Maksatgeldi JUMABAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Akdepe etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar