Beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly

16 Iýul 2024
372

Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeltmek bilen bir hatarda, röwşen geljegimiziň üpjün edilýändiginiň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan beýik ösüşleri, ulanmaga berlen desgalary synlanyňda ýürek buýsanjyň goşalanýar. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesi, bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgesi bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär we döwrebap ösdürilýär. Şeýle ajaýyp binalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bularyň ählisi halk bähbitli işlerdir, geljege niýetlenen belent maksatlaryň rowaçlanmagydyr.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, sebitlerinde gurlup, ulanmaga berlen binalar milli ykdysadyýetimiziň hem kuwwatlydygyny beýan edýär. Bu halkymyzyň bagtyýar şu gününiň we nesilleriniň geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýändigi bilen buýsanjymyza buýsanç goşýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli halkymyz tüýs ýürekden alkyş aýdýar. Çünki durmuşa geçirilýän beýik işler, belent üstünlikler ýurdumyzy täze ösüşlere ýetirýär, biziň her bir günümizi bagtyýarlyga besleýär. Şunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň, saglygy goraýyş we ylym-bilim pudaklarynyň, umuman, ähli ugurlaryň döwrebap ösdürilýändigini görmek bolýar.

Gözel AÝDOGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar