«Ýüpek ýoly 2024»: Onunjy tapgyr Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň ýeňşi bilen jemlendi

16 Iýul 2024
270

14-nji gezek guralýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň onunjy tapgyrynyň geçirilen güni hem gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk synaglara baý boldy. Bu tapgyr Mongoliýanyň Baýanhongor we Mandalgobi sebitlerini birikdirdi. Geçilmeli menzil 562, 86 kilometre barabar boldy.  

Onunjy tapgyr marafon görnüşinde geçdi: mehanikleriň hem-de kömekçi wekilleriň galandygy sebäpli, türgenler ýüze çykan näsazlyklary özbaşdak bejermeli boldular. Şol bir wagtyň özünde hem, tapgyryň menzilleri sürüjileriň hem-de şturmanlaryň örän ünsli bolmagyny talap edýän diýseň ýokary tizlikde geçilmeli sähra ýollaryndan we daşlyk ugurlardan uzady.  

Beýleki habarlar