Yhlasly zähmetden bagt tapan

8 Iýul 2024
205

Merdana daýhanlarymyz alyn derini döküp, sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny almakda netijeli işleri bitirýärler. «Ýerem baýlygyny ynsana berýär» diýlişi ýaly, ene topragam öz gezeginde, ýele — ýelken, Güne galkan bolup zähmet çekýän perzentlerine miwesini bolluk bilen eçilýär. Ynha, halal zähmetden kemal tapan şeýle kärendeçileriň biri-de Ajapsoltan Hanymowadyr.

Bäherden etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşigine ýoluňyz düşse, Ajapsoltan Hanymowany tanamaýan birewe duşmasaňyz gerek. Sebäbi ol indi ençeme ýyl bäri toprak bilen bagry badaşyp, ondan bereket tapypdyr. «Ir turanyň rysgaly artyk» diýleni. Säher bilen Güne ilkinjileriň hatarynda salam berip işe girişýän, daş-töweregini hemişe ala-ýaz edip, gollaryny çyzgaýan zenan 30 gektar bugdaýly meýdandan 90 tonna hasyl ýygnamagyň hötdesinden geldi. Bu şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar. Topraga ideg etmegiň, halal, päk ýürekden zähmet çekmegiň nusgalyk göreldesini görkezýän, 64 ýaşy arka atan kärendeçi bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol biregne 23 ýyllap daýhan birleşiginiň 2-nji pagtaçylyk-däneçilik toparyna ýolbaşçy bolup işländigini aýtdy.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar