Bagym — baýlygym

8 Iýul 2024
208

Zähmetsöýer halkymyz oba hojalyk ekinleriniň islendik görnüşini ösdürip ýetişdirmekde we olardan bereketli hasyl alyp, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde yhlasly zähmet çekýär. Bazarlara ýa-da dükanlara baryp görseň, ter gök-bakja önümleri, biri beýlekisinden datly miweler, şirin-şeker ir-iýmişler gözüňi dokundyrýar. Munuň özi bagbanlaryň, gök ekerançylaryň we ýer eýeleriniň el-ele berip çekýän döredijilikli hem öndürijilikli zähmetiniň miwesi.

Gökdür bakja önümleri we datly miweler bilen halky doly üpjün etmekde Mary welaýatynyň kärendeçileridir hususyýetçilerem tutumly işleri alyp barýarlar. Olaryň birine welaýatyň Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesinde ýaşaýan Ahmet Atajanow diýýärler. Ol 2010-njy ýyldan bäri kärende ýerinde toprak-howa şertlerimize uýgunlaşan, kesellere durnukly baglaryň dürli görnüşini ekmekde we bol hasyl almakda özüni köplere tanadyp gelýär. Ahmet bagbanyň tämizden ter, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli miwelerini diňe bir welaýatdan däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindenem telekeçiler satyn alýarlar. Ol ähli tejribesini ilkibaşda kakasy Kakageldi Atajanowdan, soňra halypasy, meşhur bagban Hümmet Kowusowdan öwrenýär. Ahmediň aýtmagyna görä, Kakageldi aga 1993-nji ýylda etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşyp, 4 gektar meýdany kärendesine alýar. Şol ýerde miweli baglaryň onlarça görnüşini ösdürýär. Bagry toprak bilen badaşan kakasy perzendine ýaş nahallary ýetişdirmegiň, göçürmegiň, ylmyň gazananlaryny daýhançylyk tejribesi bilen utgaşdyryp alyp barmagyň, haşal otlara we baglara zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmegiň ähli syrlaryny, tilsimlerini irginsiz öwredipdir. Soňy bilen Ahmede peder mirasyna — miweli baglara eýeçilik edip, olary saklamak, köpeltmek, bereketli hasyl almak jogapkärçiligi düşüpdir. Onuň indi özem halypa çykypdyr. Ussat bilenlerini ogullary Kemaldyr Myrada we doganoglany Sapaly Kömekowa-da geçirip gelýär. Ýaş bagbanlar halypa kömekleşip, daýhançylykdaky tejribelerini artdyrmak bilen, barha kämilleşýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.
Beýleki habarlar