Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertler bar

5 Iýul 2024
210

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýandygyny we onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Ulag-üstaşyr ulgam barada aýdylanda bolsa, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemeli. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykmak arkaly Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistika nukdaýnazaryndan, bu örän amatly ýoldur.

Beýleki habarlar