27-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň okuw bölüminiň guramagynda tanyşlyk-tejribe maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmen döwlet maliýe institutynyň 400-den gowrak talyby, mugallymlary we ministrligiň hünärmenleri gatnaşdylar.