«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ony berk berjaý etmek sagdyn ýaşaýşyň esasy şertidir. Sagdyn durmuş ýörelgeleri gündelik endige öwrülende olary hökmany suratda ýerine ýetirmeli diýlen düşünjäniň, gündelik iş meýilnamalarymyzdan aýratyn wagt aýyrmagyň zerurlygy hem bolmaýar. Çünki endige öwrülen hereketler özüňde biygtyýar gaýtalanýar. Olary durmuşymyz bilen baglanyşdyranymyzda zähmet bilen dynç alşyň sazlaşygy üpjün edilýär hem-de ruhubelentlige ýol açylýar.