«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Gözelligi, täsinligi, beýik binalary bilen görenleri haýran edýän ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda gülläp ösýän şäherleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda täze gurulýan binalar, belent ymaratlar, desgalar sanardan kändir. Paýtagtymyzda alnyp barylýan iri möçberli işleriň netijesinde Aşgabat şäheri özüniň kaşaň binagärlik toplumlary bilen dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriň biri hökmünde tanalýar.