«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň kosmos giňişliginde görkezýän netijelerine bu gün dünýä şaýat bolýar. Golaýda ol Ýere golaý orbitada jemi 1000 gije-gündizi geçiren dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada «Roskosmos» döwlet korporasiýasyna salgylanyp, TASS habarlar agentligi habar berýär.