«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
«Aý dogsa, älem görermiş». Bu dogrudanam şeýle. Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň yhlasynyň, ägirt uly tagallasynyň, gurluşyk we binagärlik babatda ýiti zehininiň, pähim-paýhasynyň, şäher gurluşyk işinde toplan baý tejribesiniň esasynda emele gelen Arkadag şäheri hem açylanyna bir ýyl wagt geçenem bolsa, bu şäher diňe bir sebitiň däl, dünýäniň ünsüni hem özüne çekdi. Ajaýyp binagärlik sungaty, taýsyz gözelligi, ekologiýa taýdan arassalygy, ösen tehnologiýalara esaslanan «akyllylygy» bilen özüne bendi edýän Arkadag şäherini synlap, «Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýlen pähimi «Şäher gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýip aýdanyňy duýman galýaň.