«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty durýar. Her bir döwletiň syýasatynda, ykdysadyýetinde, jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmekligiň möhüm şerti bolup, bu işe jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň işjeň çekilmegi hem-de olaryň amala aşyrylmagyndaky raýat jemgyýetiniň tutýan orny çykyş edýär.