«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Ikigaý ýaponlaryň durmuş kadasydyr, ony berjaý etmek bilen, bagtly bolmagy we her bir günüň üçin şatlanmagy öwrenmek mümkindir. Bu kadalara eýermek bilen biz diňe bir durmuşyň manysyny duýup ýaşamak bilen çäklenmän, eýsem ozaly bilen uzak ýaşap bileris. Ikigaýyň ýörelgelerine esasy eýerijiler ýurduň Okinawa adasynyň ýaşaýjylarydyr. Şeýtmek bilen, olar uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordlaryny goýýarlar. Geliň, bu kadalary durmuşymyza ornaşdyrmagyň ýollaryny seljerip göreliň.